Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär
Oraza baýramy musulman senenamasy boýunça Şawwal aýynyň ilkinji gününde bellenilýär.

Türkmenistanda mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli, anna güni Oraza baýramy bellenilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat şäherinde Baýram namazy okaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny bu mukaddes baýramy bilen gutlady. “Oraza baýramy-da sahawatlylygyň hem hoşniýetliligiň gadymy baýramydyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen gutlagynda bellenildi.

“Döwürleri we nesilleri aýrylmaz baglanyşdyrýan Oraza baýramynyň döredijilige, rowaçlyga, beýik üstünliklere ruhlandyrýan milli öwüşgindäki dabaralary ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygymyzy, milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady.

“Mübärek Oraza aýynda amal eden tagat-ybadatlaryňyz, okan tarawa namazlaryňyz, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beren sadakalaryňyz, okan aýat-töwirleriňiz, Garaşsyz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna okan alkyş-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany aýtdy.

Oraza baýramy mynsybetli Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj molla Mohammad Hassan Ahund Türkmenisatnyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlaryny ugratdylar.

Oraza baýramy musulman senenamasy boýunça Şawwal aýynyň ilkinji gününde bellenilýär.

2022