2022: Gazagystandan nebit önümleriniň eksporty

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022: Gazagystandan nebit önümleriniň eksporty
Gazagystanyň AI-92 awtoulag benzininiň esasy bölegi Baltika ýurtlaryna eksport edildi.

Gazagystan geçen ýyl diňe aprel aýynda içerki bazaryny kanagatlandyrandan soň AI-92 awtoulag benzininiň birnäçe tapgyryny eksport etdi.

Geçen ýylyň dowamynda Gazagystanyň dizel ýangyjynyň daşary ýurtlara iberilmegi hasaba alynmady. Bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, AI-92 awtoulag benzininiň esasy bölegi Baltika ýurtlaryna eksport edildi. Geçen ýylyň aprel aýynda dördünji derejeli gazak AI-92 awtoulag benzininiň Wentspils ugruna 19,8 müň tonnasy, Paldiski ugruna bolsa 1,9 müň tonnasy demirýol arkaly ugradyldy.

Hasabat döwründe mazudyň we wakuum gazoýlynyň Gyrgyz Respublikasyna iberilmegi 5,9 müň tonna çenli ýokarlandy.

Ozal Gazagystanyň gara nebit önümleri esasan hem, Kara-Baltadaky kiçi nebiti gaýtadan işleýän zawoda iberilip, ol ýerde bu önümler gaýtadan işlemek üçin çig mal hökmünde ulanylýardy. Emma bu zawod Gyrgyzystanda çig mal ýetmezçiligi, şeýle hem COVID-19 bilen bagly çäklendirmeler sebäpli 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ahyryndan bäri işlemeýär.

Geçen ýylyň dowamynda Gazagystandan gara nebit önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna demirýol arkaly iberilmegi, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 25 göterim ýokarlanyp, 2,49 million tonna ýetdi.

Önümçiligiň giňeldilmegi sebäpli mazudyň daşary ýurtlara eksporty artdy. Wakuum gazoýlynyň eksporty bolsa tersine Atyraudaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda onuň öndürilişiniň azalmagy sebäpli peseldi.

Şol döwürde gazak mazudynyň demirýol arkaly Gruziýanyň terminallaryna ugradylmagynyň möçberi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 901,8 müň tonna çenli ýokarlandyryldy (56,7 müň tonna). Gazagystanyň eksportçylary fewral aýynyň ahyryndan başlap Gara we Azow deňizlerindäki rus portlaryndan geçip, Batumi we Kulewi portlaryna mazudyň belli bir tapgyryny iberip başladylar.

Gazagystanyň ýangyç-energiýa toplumynyň ýagdaý-seljeriş merkeziniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylda Gazagystanda nebit önümleriniň importy 567,2 tonnadan 424,1 müň tonna çenli azaldy. Bu maglumatlar demirýol importyndan başga-da, nebit önümleriniň turbageçiriji we ýük awtoulaglary arkaly import edilmegi baradaky maglumatlary hem öz içine alýar.

Ulag kompaniýalarynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýyl boýunça dizel ýangyjynyň importynyň mukdary 263 müň tonna deň boldy. Bu görkezijiniň ýarysyna golaýy, takmynan 125 müň tonnasy, “Taif” we “Taneko” kompaniýalarynyň Nižnekamsk zawodlaryndan getirildi. Mundan başga-da, Gazagystana dizel ýangyjynyň köp bölegi Orskdaky we Omskdaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryndan, şeýle hem “Lukoýl” kompaniýasynyň zawodlaryndan getirildi.

2022