Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Bilelikdäki kärhananyň maksady Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasynda ýeke-täk logistika operatoryny döretmekdir. (Surat: Rail-news.kz)

Gazagystanyň ulag we logistika kompaniýasy “KTZ Express”, Russiýanyň “RŽD Logistika” we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük daşamalary ösdürmek maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Bilelikdäki kärhananyň maksady Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýeke-täk logistika operatoryny döretmek bolup durýar.

Ähtnama “KTZ Express” kompaniýasynyň Baş direktory Kaýrat Utýapow, “RŽD Logistika” kompaniýasynyň Baş direktory Dmitriý Murýew we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Merdan Bäşimow gol çekdiler. Bu resminama “TransRussia 2023” atly ulag we logistika hyzmatlarynyň 27-nji halkara sergisiniň çäginde gol çekildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bäsdeşlige ukyply nyrhlary döretmek we Russiýanyň “Aksaraýskaýa” we “Ozinki”, Gazagystanyň “Bolaşak”, Eýranyň “InçeBurun”, Türkmenistanyň “Sarahs” serhet geçelgeleriniň üsti bilen Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan Eýrana, Hindistana, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna, Aziýa-Ýuwaş umman sebitine we yzyna harytlary “ bökdençsiz” daşamak üçin öz ygtyýarlyklaryny birleşdirmegi ylalaşdylar.

“TASS” agentliginiň mart aýynda habar bermegine görä, Gazagystan rus-gazak serhet geçelgelerinden Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna daşalýan däneli, üwelýän önümlerden we nebit önümlerinden başga harytlar üçin 40 göterim arzanladyş girizer.

2022