Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň mukdary 2030-njy ýyla çenli takmynan iki esse, ýagny häzirki 17 million tonnadan 32 million tonna çenli artmagyna garaşylýar. Bu barada "Trend" agentligi şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 28-nji marta çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň günbatar ugry boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň mukdary 2,15 million tonna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 84,37 göterim köpdir (1,16 million tonna).
Mundan başga-da, 2022-nji ýylda Azerbaýjanyň üsti bilen ýük daşamalarynyň mukdary 75 göterimden gowrak ýokarlandy.
Geçen hepde Gazagystanyň ulag we logistika kompaniýasy “KTZ Express”, Russiýanyň “RŽD Logistika” we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük daşamalary ösdürmek maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekdiler.
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi uzynlygy 7,200 kilometre barabar bolan multimodal ugrydyr. Bu alternatiw ulag geçelgesi Ýewropany, Pars aýlagynyň ýurtlaryny we Hindi ummanyny Müsürde ýerleşýän Sues kanaly arkaly birleşdirýär.