TDHÇMB-da duşenbe güni 100 müň tonna karbamid satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni 100 müň tonna karbamid satyldy
BAE-niň işewür toparlarynyň wekili daşary ýurt puluna “B” kysymly karbamid satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda 100 müň tonna karbamid satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

BAE-niň işewür toparlarynyň wekili daşary ýurt puluna “B” kysymly karbamid satyn aldy. TDHÇMB-da satylan bu önümiň bir tonnasy 181 ABŞ dollaryna deň boldy. Geleşikleriň jemi bahasy 18 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaryň dowamynda Türkiýeden gelen telekeçiler ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 2 million 44,1 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürler dürli görnüşli we ölçegli matalary satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 51 million 935 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022