Türkmenistan-ABŞ ikitaraplaýyn geňeşmeleriň indiki tapgyry Aşgabatda geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-ABŞ ikitaraplaýyn geňeşmeleriň indiki tapgyry Aşgabatda geçiriler
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry, 2023-nji ýylyň 24-nji apreli, Waşington, ABŞ

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dowamynda 2024-nji ýylda geçiriljek ikitaraplaýyn geňeşmeleriň indiki tapgyryny Aşgabatda geçirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilelikdäki wezipeler boýunça pikir alyşmaga, şeýle-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga oňyn esas bolup durýandygyny bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan bilen ABŞ medeni we bilim maksatnamalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ygrarlydyklaryny tassykladylar hem-de bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek üçin esas bolup hyzmat etjek bilim pudagyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-na iş saparynyň çäklerinde duşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşyk geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022