TDHÇMB-da sişenbe güni $23,6 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
 TDHÇMB-da sişenbe güni $23,6 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-da geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda ECO-93 kysymly awtoulag benzini, dizel ýangyjy we ýüplük satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 23 million 676 müň 750 ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-den we Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 20 million 970 müň ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 699 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 678,75 ABŞ dollaryna deň bolan dizel ýangyjynyň 3 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 36 müň 250 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri 670 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Mundan başga-da, içerki bazar üçin ýerli telekeçiler bir tonnasynyň bahasy 2750 manada deň bolan bugdaý kepeginiň 350 tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň duşenbe güni geçiren söwdalarynda 100 müň tonna karbamid satyldy.

2022