Hytaýda “Merkezi Aziýa–Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýda “Merkezi Aziýa–Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Sian, Hytaý (Surat: xinhuanet.com)

“Merkezi Aziýa–Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy penşenbe güni Hytaýyň Sian şäherinde geçiriler. Bu barada “China Daily” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň esasy maksady alty ýurduň Döwlet Baştutanynyň ýakyn wagtda geçiriljek sammitine taýýarlyk görmek bolup durýar. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Niniň sişenbe güni gündelik metbugat ýygnagynda aýtmagyna görä, Hytaýyň Döwlet geňeşçisi we Daşary işler ministri Sin Gan geçiriljek duşuşyga ýolbaşçylyk edip, oňa Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Daşary işler ministrleri geçen ýylyň iýun aýynda Gazagystanda geçirilen duşuşykda alty ýurduň Döwlet Baştutanynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek we iki ýyldan bir gezek sammit geçirmek barada ylalaşyga geldiler. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Nin täze mehanizm boýunça ilkinji sammiti Hytaýyň kabul etjekdigini we Sian şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa–Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň esasy maksadynyň sammite “doly syýasy taýýarlyk” görmek bolup durýandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň Daşary işler ministri Sin Gan sammitiň ähmiýetini belläp, onuň 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek esasy diplomatik çäreleriň biridigini, şeýle hem bu sammitiň üstünlikli geçirilmegi üçin ýurduň ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek duşuşyk alty ýurda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we umumy gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döreder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022