Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky ilçisi Sapar Palwanow penşenbe güni Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişele ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
Dabaranyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysadyýet, söwda, energiýa, ulag taslamalary, howanyň üýtgemegi we sanly ykdysadyýetdäki hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Şarl Mişel öz gezeginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu nukdaýnazardan, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin gün tertibiniň üç esasy ugry hökmünde howpsuzlygy, parahatçylygy we durmuş-ykdysady ösüşi kesgitledi.
Duşuşygyň ahyryna türkmen ilçisi Sapar Palwanow we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel özara hyzmatdaşlygy we "Türkmenistan-ÝB" çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.