Owganystanyň we BAE-niň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň we BAE-niň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzini satyn aldylar
BAE-den we Owganystandan gelen telekeçiler A-92 kysymly awtoulag benzininiň 41 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Owganystanyň we BAE-niň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzini satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

BAE-den we Owganystandan gelen telekeçiler bir tonnasynyň bahasy 705,75 ABŞ dollaryna deň bolan A-92 kysymly awtoulag benzininiň 41 müň tonnasyny satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda baglanyşylan geleşikleriň umumy bahasy 28 million 935 müň 750 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 51 million 935 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçiren söwdalarynda 100 müň tonna karbamid satyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022