Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Dabaralaryň dowamynda gurnalan baýramçylyk çapyşyklaryndan bir pursat, 2023-nji ýylyň 30-njy apreli, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýekşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Baýramçylyk mynasybetli dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň dürli künjeginden senetçileriň, suratkeşleriň we halyçylaryň döreden eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde guralýan dabaralaryň dowamynda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Olara baýramçylyk mynasybetli ýokary derejede seýislenen we seçilip alnan bedewler gatnaşdylar.

Şeýle-de geçirilen çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Olara baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de uly möçberli pul serişdeleri gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we “Akhan” baýragy gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyşyna, şeýle hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.

2022