FIFA-nyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
FIFA-nyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geler
Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň Prezidenti Janni Infantino (Surat: FIFA-nyň Prezidentiniň "Instagram" sahypasy)

Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino penşenbe güni iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Bir günlük iş saparynyň dowamynda FIFA-nyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen Türkmenistanda futboluň ösüşi we özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşar.

Habarda bellenilişi ýaly, Janni Infantinonyň ýakyn wagtda Türkmenistana amala aşyrjak iş sapary FIFA bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak we Türkmenistanda futbolyň ösmegine itergi bermek üçin täze mümkinçilikler döreder diýlip garaşylýar.

Häzirki wagtda FIFA-nyň Prezidenti Merkezi Aziýa boýunça iş saparyny amala aşyrýar. Janni Infantino sişenbe güni Täjigistana bardy we Duşanbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň sekizinji kongresine gatnaşdy.

Şeýle hem FIFA-nyň Prezidenti iş saparynyň dowamynda Gazagystana (3-nji maý), Gyrgyz Respublikasyna (4-5-nji maý) we Özbegistana (5-6-njy maý) barar.

Janni Infantino 2016-nji ýyldan bäri Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Janni Infantino şu ýylyň 16-njy martynda Ruandanyň Kigali şäherinde geçirilen FIFA-nyň 73-nji kongresinde 2027-nji ýyla çenli bu wezipä ikinji möhlete saýlandy.

2022