Türkmenistanyň Prezidenti FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyp Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 4-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda penşenbe güni Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä futboluny ösdürmekde FIFA-nyň eýeleýän uly ornuny belläp, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sportuň bu görnüşini giňden ýaýratmak üçin halkara derejede tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda FIFA-nyň ýolbaşçysy bu duşuşygyň Merkezi Aziýada örän iri Olimpiýa stadionynda geçirilmegine hut özüne we futbola bildirilýän aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy.

“Biz FIFA-nyň tutuş dünýäde hem-de ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardyrys. Öz tarapymyzdan halkara futbol ýaryşlaryny, türgenleşiklerini we ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramak üçin Türkmenistanyň sport düzümlerini ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda aýtdy.

Janni Infantino Türkmenistanyň Prezidentine FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy. Şeýle hem sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly hem-de umumy maksatlarydyr wezipeleri nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanyndan Arkadag şäherini synlady we bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 1992-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 1994-nji ýylda FIFA-nyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

2022