TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $67,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $67,7 milliondan geçdi
Söwdalarda satylan TC-1 uçar kerosininiň bir tonnasynyň bahasy 616,5 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda awtoulag benzini, uçar kerosini we ýüplük satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 67 million 715 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-den we Özbegistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 18 million 495 müň ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 uçar kerosininiň 30 müň tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 616,5 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Owganystanyň, BAE-niň we Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 679,5 ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 70 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 47 million 565 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan başga-da, Türkiýäniň işewürleri daşary ýurt puluna 1 million 655 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 80 million 30 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022