Wladimir Putin türkmen kärdeşini Moskwada geçiriljek Ýeňiş baýramyna gatnaşmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wladimir Putin türkmen kärdeşini Moskwada geçiriljek Ýeňiş baýramyna gatnaşmaga çagyrdy
Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş, 2010-njy ýylyň 9-njy maýy, Moskwa, Russiýa

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýekşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Wladimir Putin türkmen kärdeşini Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany geçen ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna bolan ilkinji resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we şol saparyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine köptaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşýan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Russiýanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, gol çekilen Jarnamanyň hem-de bilelikdäki işleriň tutuş toplumynyň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy gazanylan Ýeňşiň umumy taryhy hakydada aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. “Biz Ýeňiş üçin janlaryny gurban edenlere çuňňur hormat goýýarys we aramyzda ýaşap ýören uruş weteranlary alada bilen gurşaýarys, geljekde-de bu baradaky meselä uly üns berler” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin iki ýurduň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň dostlukly halklaryna ýene-de bir gezek abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

2022