Türkmenistan Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwerlik kömegi, 2022-nji ýylyň 25-nji iýuny, Kabul, Owganystan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, 2023-nji ýylyň maý aýynda Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Bu resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.

Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligine 2023-nji ýylyň maý aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň maý aýynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermek maksady bilen Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2023-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş edaralaryndan degişli lukmanlaryň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine bellenen tertipde iberilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2022