Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramyna gatnaşmak üçin Moskwa bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramyna gatnaşmak üçin Moskwa bardy
Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş, 2023-nji ýylyň 9-njy maýy, Moskwa, Russiýa (Surat: kremlin.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni irden Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasyna salgylanyp, “TASS” agentligi habar berdi.

“Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli harby ýörişe gatnaşmak üçin Moskwa gelendigini tassyklaýarys” diýip, ilçihana habar berdi.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ozal Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň harby ýörişe gatnaşmak üçin geljekdiklerini aýtdy. Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Döwlet Baştutanlary we Ermenistanyň premýer-ministri Moskwadaky dabaraly çärelere gatnaşýandyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýekşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Wladimir Putin türkmen kärdeşini Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

2022