Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bütin türkmen halkyny 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
“Parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.
“1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen hepdäniň çarşenbe güni 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak boýunça Permana gol çekdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Russiýanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň Prezidentleri we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy hem-de Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler.