Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda 30 müň tonna gidroarassalanan dizel ýangyjy satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
BAE-niň we Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 546,5 ABŞ dollaryna deň bolan gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 16 million 395 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi 78 million 89 müň 475 ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.