Özbegistan nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny yglan etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny yglan etdi
Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawlary, 2021-nji ýylyň 24-nji oktýtabry (Surat: media.kpfu.ru)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirmek baradaky degişli Permana gol çekdi. Bu barada “News Central Asia” habarlar gullugy sişenbe güni mälim etdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşenbe güni mejlis palatalarynyň, syýasy partiýalaryň , kazyýetiň, ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetiň agzalary bilen geçiren duşuşygyň dowamynda ýurtda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

“Şeýle uly göwrümli meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin döwletiň täzelenen ulgamynda biziň halkymyzyň ynanýan liderine mandat bermegi maksada laýyk bolar” diýip, Prezidenti Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Şeýle hem bu ýagdaýlar bilen bagly özüniň prezidentlik möhletiniň galan üç ýarym ýylyndan hem ýüz öwürýändigini belledi.

Prezidentiň nobatdan daşary saýlawlary bellemek hukugy Özbegistan Konstitusiýasynyň 30-njy aprelde geçirilen umumy referendumyň netijesinde kabul edilen we 1-nji maýda güýje giren täze neşiriniň 128-nji maddasynda göz öňünde tutulandyr.

2022