“Hytaý-Merkezi Aziýa” sammiti Sian şäherinde geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hytaý-Merkezi Aziýa” sammiti Sian şäherinde geçiriler
“Hytaý-Merkezi Aziýa 2022” sammiti (Surat: Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri 18-19-nji maýda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçiriljek sammite gatnaşarlar. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wang Wenbin duşenbe güni Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň “Hytaý-Merkezi Aziýa” sammitine ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy. Bu barada “Xinhua” habarlar gullugy habar berdi.

“Hytaý-Merkezi Aziýa” sammitine Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Döwlet Baştutanlary gatnaşarlar we bu sammit şu ýyl Hytaý tarapyndan gurnalan ilkinji möhüm diplomatik çäre bolar.

Sammite Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky oňyn gatnaşyklar we “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň ýola goýylany bäri hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler görkeziler.

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylyk etmeginde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly sammit geçirildi. Sammitiň dowamynda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy, Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek, nebit we gaz turbageçirijileri boýunça işleriň alnyp barylyşy, energiýa senagatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammitiň netijeleri boýunça Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki beýannama kabul edildi.

 

2022