TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $30,8 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $30,8 milliondan geçdi
BAE-niň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna umumy bahasy 18 million 4 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazyň 46 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we A-92 kysymly awtoulag benzini satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 30 million 862 müň 250 ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-den, Owganystandan gelen telekeçiler bir tonnasynyň bahasy 676,75 ABŞ dollaryna deň bolan A-92 kysymly awtoulag benzininiň 19 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 858 müň 250 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

BAE-niň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna umumy bahasy 18 million 4 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan gazyň 46 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi 78 million 89 müň 475 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022