Türkmenistandan Owganystana 125 tonna ynsanperwer kömegi ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistandan Owganystana 125 tonna ynsanperwer kömegi ugradyldy
Türkmenistandan Owganystana ugradylan önümleriň ýüklenilýän pursady

Türkmenistandan umumy agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kömegi penşenbe güni Owganystana ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ynsanperwerlik çäreleriniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukman işgärleriniň bir topary 2016-njy ýylda Hyrat welaýatynyň Turgundy obasynda Türkmenistan tarapyndan gurlan çaga dogrulýan öýünde lukmançylyk-maslahat beriş kömegini amala aşyrmak üçin şu ýylyň 15-nji maýynda ynsanperwer kömek hökmünde gider.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däp-dessurlara we ýörelgelerine esaslanýan bu giňişleýin ynsanperwerlik çäresi Türkmen döwletiniň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022