Hytaýyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine gatnaşmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen duşuşygy, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabat şäherinde Hytaýyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Ma Çžaosýuý Türkmenistanyň Prezidentine Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy.

Şeýle hem Hytaýyň Başlygynyň ýörite wekili Ma Çžaosýuý Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny belläp geçdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýan Hytaý bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin HHR-iň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý wagtyň synagyndan geçen netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022