Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyna täze ýolbaşçylary belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyna täze ýolbaşçylary belledi
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň nebitgaz pudagyna birnäçe täze ýolbaşçylary belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýewi, başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany bu wezipä Batyr Amanowy belläp, ony döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bu konserniň başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022