Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda duşenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Täjigistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň sentýabrynda Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny we Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň maslahatyny öz içine alýan iň ýokary sebit derejesindäki çärelere görülýän taýýarlyk boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidetleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekildi.

 

2022