Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň wekili bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we ÝUNESKO-nyň wekili hanym Golda El-Huri, 15-nji maý, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Hurini bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany degişli güwänamalary gowşurandygy üçin ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, munuň baý medeni mirasyny aýawly saklap, ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.

Özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni mirasy, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak ugrunda ýurdumyzyň giň gerimli işleri alyp barýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine, medeni hyzmatdaşlyk, parahatçylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly, halklaryň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022