Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda sişenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystan bilen döwlet we hökümet derejelerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli özara hereketleriň esasy ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Tatarystanyň ýolbaşçysy ynanyşmaga esaslanýan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigini we pugtalandyryljakdygyny kanagatlanma bilen belledi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglar tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

“Ýurdumyzda we Tatarystanda dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar, wekiliýetleriň alşylmagy we dürli çärelere gatnaşylmagy özara hereketleriň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilik bolup hyzmat edýär” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege jan saglyk hem-de döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

2022