Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeltiň arasynda geçirilen duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Margareta Sederfelt ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň dowamynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahata gatnaşyp biljekdigini, bu çäräniň häzirki döwürde ýüze çykýan wehimleri ýeňip geçmekde bitaraplygyň eýeleýän ornuna bagyşlanýandygyny belledi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda ykdysady ösüşi, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, adam hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmagy hem-de demokratik institutlary pugtalandyrmak, hukugyň hökmürowanlygyny gazanmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge, netijeli parlamentara gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasy bilen bilelikde sişenbe güni Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahaty geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022