Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine bardy, 2023-nji ýylyň 18-nji maýy (Surat: Xinhua)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde  Türkmenistanyň Prezidentiniň  HHR-iň ýurtdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan gürrüňdeşliginde ugurlaryň giň gerimini, şol sanda söwda-ykdysady, nebitgaz, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigi nygtaldy. Türkmenistanda şu gezekki sapara türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde garalýandygy bellenildi.

Şeýle-de bu gezekki iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Bu sapar Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa şu ýylyň dowamynda amala aşyrýan ikinji sapary bolup durýar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.

2022