Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenilýär
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler geçirilýär.

Türkmen halky penşenbe güni Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň gününi belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

”Döwleti dolandyrmakda, demokratik, adalatly jemgyýeti gurmakda, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary derejede geçirmekde toplan tejribämize daýanyp, Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde belleýäris“ diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany belledi.

“Garaşsyz Diýarymyzy depginli ösdürmäge, ykdysady ösüşiň häzirki zaman, kämil nusgasyny emele getirmäge, pudaklarymyzy döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda bolsa mähriban halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, asuda, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen strategik maksatnamalary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris“ diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarynda aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler geçirilýär.

2022