TDHÇMB-da baglaşylan geleşikleriň möçberi $11,6 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da baglaşylan geleşikleriň möçberi $11,6 milliondan geçdi
BAE-den we Türkiýeden gelen telekeçiler jemi bahasy 4 million 278 müň 625 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 uçar kerosininiň 6,5 müň tonnasyny satyn aldylar. (Surat: europetrolgroup.com)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe we anna günleri daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi  11 million 603 müň 254,018 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

TDHÇMB-da çarşenbe güni geçirilen söwdalarda BAE-den we Türkiýeden gelen telekeçiler jemi bahasy 4 million 278 müň 625 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 uçar kerosininiň 6,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle hem Owganystanly işewür bir tonnasynyň bahasy 369,5 ABŞ dollaryna deň bolan  suwuklandyrylan gazyň bir müň tonnasyny satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy 369 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan başga-da, anna güni geçirilen söwdalarda Özbegistandan gelen işewür bir tonnasynyň bahasy 1033 ABŞ dollaryna deň bolan polipropileniň 300 tonnasyny satyn aldy. Geleşikleriň umumy bahasy 309 müň 900 ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda Wirgin adalaryndan gelen telekeçi jemi bahasy 5 million 971 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 uçar kerosinininiň 900 tonnasyny satyn aldy.

Şeýle-de Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna umumy bahasy 673 müň 729,018 ABŞ dollaryna deň bolan dürli görnüşli matalary satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

2022