Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli şu ýylyň 24-25-nji maý aralygynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň hasabatyna görä, bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 140-sy, edara-kärhanalar, hususy telekeçiler gatnaşmaga isleg bildirdiler. Bu barda Türkmenistanyň resmi metbugatyhabar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde her ýyl gurnalýan bu sergi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirilýär.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dürli baýramçylyk konsertlerini, dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherini dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrýan bu halkara serginiň we beýleki dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýanyň Milan şäherinde geçirilýän dokma enjamlarynyň halkara sergisine gatnaşmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.