“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi, 24-nji maý, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Nobatdaky sergä Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. “Ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler

Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022