Annaýew: Hytaýdan Ýewropa üstaşyr ýük daşalmagynda Türkmenistan wajyp orny eýeleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Annaýew: Hytaýdan Ýewropa üstaşyr ýük daşalmagynda Türkmenistan wajyp orny eýeleýär
Batyr Annaýew üstaşyr gatnawlaryň kämilleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen Azerbaýjan üçin has köp mümkinçilik döretjekdigini belläp geçdi. (Surat: yandex.ru)

Hytaýdan Ýewropa üstaşyr ýük daşalmagynda Türkmenistan we Azerbaýjan Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesinde wajyp orny eýeleýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

“Biziň ýurtlarymyz ýakyn aragatnaşykda bolup, üstaşyr ýük daşamalarynyň ösüşi boýunça işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar” diýip Batyr Annaýew belledi.

“Ýakynda CASCA + ugry boýunça türkmen wekiliýeti bilen Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Biziň maksadymyz ulag nyrhlaryny ýeňileşdirmek we ýük gatnawynyň ösmegi üçin demir ýol infrastrukturasyny hem-de konteýner gatnawyny kadalaşdyrmak boýunça gysga wagtyň dowamynda ylalaşyk gazanmak bolup durýar” diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary aýtdy.

Şeýle hem Batyr Annaýew üstaşyr gatnawlaryň kämilleşdirilmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjan üçin has köp mümkinçilik döretjekdigini belläp geçdi.

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi Merkezi Aziýa bilen Hazar sebitini Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa birleşdirýär.

2022