Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna barar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderine iberen gutlag hatynda aýdylýar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, Eýranyň Prezidenti iki döwletiň arasynda halkara we ikitaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy, hususan-da, üstaşyr ibermek, suw we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän tutanýerli orny üçin hoşallygyny beýan etdi. “Ýaňy-ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen geçirilýän gazyň mukdarynyň köpeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr” diýip, Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň gutlag hatynda bellenilýär.
Şeýle hem Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Eýrana amala aşyrjak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy we bu saparyň dowamynda Tähranda geçiriljek duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşjakdyklaryna umyt edýändigini nygtady.
Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä iberen hatynda oňa Eýrana sapar bilen gelmäge iberen çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi we bu çakylygy uly hormat bilen kabul edýändigini aýtdy.