Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýrana bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýrana bardy
Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Eýranyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. (Surat: ana.press)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Eýranyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berilýändigini belledi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.

Şeýle-de taraplar netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigini we köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022