Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 30-njy maýy, Tähran, Eýran

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana saparynyň çäklerinde sişenbe güni “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi müňýyllyklara uzap gidýän taryhy we medeni kökleriň hem-de däpleriň umumylygyna esaslanýan eýran-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki günde dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigini belläp, Eýranyň döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz gezeginde Türkmenistanyň goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýranyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar haryt dolanyşygynyň artýandygyny bellediler. Şonuň bilen birlikde, bar bolan kuwwatlyklary hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegine we üstaşyr geçirilmegine, eksportyň we importyň artdyrylmagyna, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň çözgüdini işjeňleşdirmek teklip edildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi we birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana iş saparynyň çäklerinde Eýranyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen, şeýle hem Eýranyň Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşyk geçirildi.

2022