Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Helga Şmid Türkmenistanyň Prezidentine Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.
Guramanyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany halkara derejede energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň tutuş sebitiň abadançylygyna we rowaçlygyna gönüden-göni täsir edýändigini aýdyp, Türkmenistanyň energiýa serişdelerine baý döwlet bolmak bilen, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunda energiýa serişdelerini halkara bazara çykarmagyň, olary üstaşyr geçirmegiň syýasy, maliýe, tehnologiýa, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň paýtagtynda penşenbe güni Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ÝHHG-niň Baş sekretary, guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.