TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $24,4 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $24,4 milliondan geçdi
Söwdalarda satylan gidroarassalanan dizel ýangyjy “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň umumy möçberi 24 million 403 müň 125 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjynyň 43,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 24 million 353 müň 625 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Hytaýdan gelen telekeçiler umumy bahasy 49 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan ýassyk daşlaryny, örtükleri, ýorganlary satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarynda Özbegistandan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasyny satyn aldylar.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022