Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 10 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabadyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 10 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda täze jaýyň açylyş dabarasyndan bir pursat

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň buýurmagynda 10 sany dokuz gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edildi.

Çap edilen bäsleşige görä, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda 9 gatly, 64 öýli, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli, “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 64 öýli, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň buýurmagynda 9 gatly, 48 öýli; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda 9 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Bulardan başga-da Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany dokuz gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.

2022