Ýanwar-mart: Azerbaýjan 197,4 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart: Azerbaýjan 197,4 million kubmetrden gowrak türkmen gazyny import etdi
Şol döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty 28 million 968 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Azerbaýjan 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary Türkmenistandan 197,414 million kubmetrden gowrak tebigy gazy import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentligi geçen hepdäniň penşenbe güni habar berdi.

Şol döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty 28 million 968 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýyl Türkmenistan Azerbaýjana umumy bahasy 110 million 871 müň ABŞ dollaryna deň bolan tebigy gazyň 857,67 million kubmetrini eksport etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda 2021-nji ýylda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça ylalaşyga laýyklykda Azerbaýjana türkmen tebigy gazy import edilýär. Bu üçtaraplaýyn ylalaşyk ýylda 2 milliard kub metre çenli gaz alyş-çalşygyna mümkinçilik berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022