Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji iýunda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçiriljek Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýäniň Prezidenti hökmünde kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar. Bu barada Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.
Şeýle hem Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna 21 sany ýurduň Döwlet Baştutany ýagny, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew, Gabonyň Prezidenti Ali Bongo Ondimba, Gwineýa- Bisaunyň Prezidenti Umaro Sissoko Embalo, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, Çernogoriýanyň Prezidenti Ýakow Milatowiç, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Kongonyň Prezidenti Deni Sassu-Ngesso, Kosowo Respublikasynyň Prezidenti Wosa Osmani, Türkiýäniň Demirgazyk Kipr Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Stewo Pendarowski, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ruandanyň Prezidenti Pol Kagame, Senegalyň Prezidenti Maki Sall, Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmud, Togo Respublikasynyň Prezidenti For Essozimna Gnasingbe, Bangladeşiň Prezidenti Mohammad Şahabuddin Çuppu, Gwineýanyň Prezidenti Mamadi Dumbuýa, şeýle hem 13 sany premýer-ministr we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türki döwletleriň guramasynyň (TDG), NATO-nyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri gatnaşarlar.
Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan saýlawçylaryň sesleriniň 27 million 834 müň 589-yny alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.
Kasam kabul etmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkiýäniň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň täze düzümini yglan eder.