Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasyndaky duşuşyk, 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny, Ankara, Türkiýe (Surat: tccb.gov.tr)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýäniň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökleriniň umumylygy bu gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup çykyş edýär.

Şeýle hem Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna 21 sany ýurduň Döwlet Baştutany şeýle hem 13 sany premýer-ministr we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türki döwletleriň guramasynyň (TDG), NATO-nyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan saýlawçylaryň sesleriniň 27 million 834 müň 589-yny alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Kasam kabul etmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkiýäniň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň täze düzümini yglan etdi.

2022