Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Hindistanyň Odişa ştatynda bolup geçen pajygaly otly heläkçiligi (Surat: Arabinda Mahapatra / AP)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

RIA agentliginiň habaryna görä, üç otly ýagny, iki sany ýolagçy otlusy we bir sany ýük otlusy anna güni agşam Hindistanyň Balasor şäheriniň golaýynda çaknyşdy. Otly heläkçiligi zerarly 288 adam wepat boldy we adamlaryň 900-den gowragy ýaralandy.

Hindistanyň NDTV teleýaýlymynyň göni ýaýlymynda ýurduň Demir ýol ministri Aşwini Waýşnaw Hindistanyň Odişa ştatynda üç otlynyň çaknyşmagynyň sebäbiniň elektron bloklaýyş ulgamynyň näsazlygy bolandygyny mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022