Türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän “Farap awtoýollary” we “Alat” gümrük nokatlarynyň arasynda şu ýylyň iýunynda ilkinji gezek “sanly TIR” ulgamyny ulanmak arkaly ýükleriň daşalmagy ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýükleriň gümrük serhedinden geçirilmeginde Türkmenistan bilen Özbegistanyň gümrük edaralary sanly üstaşyr kepilliklerini üstünlikli durmuşa geçirdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda TIR sanlylaşdyrma synag taslamasynyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasyndaky üstünlikli özara gatnaşyklaryň netijesi bolup, ýük daşamalar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Sebitleýin hyzmatdaşlygy we söwdany pugtalandyrmak üçin Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerinde TIR amallaryny sanlylaşdyrmak” atly taslamasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU), şeýle hem halkara awtoulagly daşaýjylaryň THADA we AIRCUZ milli assosiasiýalarynyň goldawlary bilen amala aşyryldy.
TIR sanlylaşdyrmasynyň dowam etdirilmegi bilen, Türkmenistanyň eksport we üstaşyr kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna şert döredilip, bu Merkezi Aziýa sebiti üçin ygtybarly we howpsuz ulag serişdeleriniň hem-de geçelgeleriniň kemala gelmegini alamatlandyrýar diýlip, habarda bellenilýär.