Pakistanyň Nebit ministri: TOPH gaz geçirijisi sebit üçin özgeriş maksatnamasydyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistanyň Nebit ministri: TOPH gaz geçirijisi sebit üçin özgeriş maksatnamasydyr
Türkmenistanyň we Pakistanyň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 7-nji iýuny, Yslamabat, Pakistan (Surat: mediaonlinetoday.com)

Türkmenistanyň Döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti çarşenbe güni Pakistanyň Yslamabat şäherinde Pakistanyň Nebit ministri Musadik Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada “Pakistan Observer” elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

“Pakistan Today” gazetiniň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Annageldi Saparow, “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow, “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň Pakistan bölüminiň müdiri Myrat Baýramow bar.

Taraplar energiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, energiýa söwdasyny ýokarlandyrmak we strategiki we amatly söwda şertlerine esaslanýan energiýa infrastrukturasyna maýa goýumlaryny giňeltmek barada ylalaşdylar.

“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy diňe bir gaz geçiriji bolman, sebit üçin özgeriş maksatnamasydyr” diýip, Pakistanyň Nebit ministri Musadik Malik aýtdy.

Şeýle hem Ministr Musadik Malik Pakistanyň taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyryş işlerine, iň soňky üpjünçilik we isleg derňewlerine hem-de taslama çykdajylarynyň we nyrhlarynyň üýtgedilmegine gatnaşmagynyň möhümdigini aýtdy. Mundan başga-da ministr esasy maksatlaryň Pakistan üçin çykdajylary azaltmak, iki taraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmek we sebitleýin konteksty nazara almak bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň çözmek üçin Pakistanyň ýokary derejeli resmisini bellemek kararyna gelindi. “Pakistan Observer” elektron gazetiniň habaryna görä, TOPH gaz geçiriji taslamasy üçin Tehniki Iş topary 8-nji iýunda giňişleýin duşuşyk geçirer.

2022