Gazagystanyň Prezidenti: Transhazar ulag geçelgesi haryt daşamagyň wagtyny azaldar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň Prezidenti: Transhazar ulag geçelgesi haryt daşamagyň wagtyny azaldar
Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewiň Astana halkara forumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy, 2023-nji ýylyň 8-nji iýuny (Surat: Trend.az)

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) haryt daşamak üçin wagty iki esse azaldyp biler diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew penşenbe güni Astana halkara forumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

“Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän Orta geçelge sebitde ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikler açýar. Bu geçelge Hindi ummanyndan haryt daşamak üçin sarp edilýän wagty iki esse azaldyp biler” diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sebitiň ulag ugurlaryny ösdürmegiň umumy ähmiýetini hem nygtady.

Şunuň bilen baglylykda Gazagystanyň Prezidenti Hytaýyň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň ähmiýetini we onuň sebitara gatnaşyklaryň ösmegine itergi bermek mümkinçiligini belläp geçdi.

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) Merkezi Aziýa bilen Hazar sebitini Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa birleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022