Birža söwdalarynyň umumy möçberi $105,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Birža söwdalarynyň umumy möçberi $105,7 milliondan geçdi
Söwdalarda satylan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň bir tonnasynyň bahasy 645 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň umumy möçberi 105 million 764 müň 766,35 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystandan we BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 61 million 275 müň ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 95 müň tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 645 ABŞ dollaryna barabar boldy.

BAE-niň we Maltanyň telekeçileri bir tonnasynyň bahasy 394,75 ABŞ dollaryna deň bolan az kükürtli ýakyş mazudynyň 100 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 39 million 475 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Gonkongdan, Türkiýeden, Ermenistandan gelen işewürler umumy möçberi 5 million 14 müň 766,35 ABŞ dollaryna deň bolan ýüplük we tekiz boýalan hem-de tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, içerki bazar üçin ýerli telekeçiler başlangyç ýagyň 599,6 tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 115 müň 600 ABŞ dollaryna deň boldy.

2022