Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentine ýurtdaky tokaý ýangynlary zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentine ýurtdaky tokaý ýangynlary zerarly gynanç bildirdi
Gazagystanyň Abaý oblastynda emele gelen tokaý ýangynlaryny söndürmek işlerinden bir pursat (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çeken sebitleriň bolsa tiz wagtda dikelmegi baradaky dileglerini beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iberen hatynda ýurduň Abaý oblastyndaky giň gerimli tokaý ýangynlary we bu pajygaly ýagdaýyň adam pidalaryna getirendigi baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Gazagystanyň Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokaý ýangynlary zerarly 14  adam wepat boldy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bolup geçen ýangynda pida bolanlaryň hatyrasyna tutuş ýurt boýunça 12-nji iýuny ýas güni diýip yglan etdi.

2022